IELTS testirlemesiniň Aşgabatda geçiriljek senesi mälim edildi

  • 26.01.2020 21:58
  • 5.6k+

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy saýtyndaky sahypasynda şu ýyl Aşgabatda geçiriljek IELTS testirlemesiniň geçiriljek senesi hakyndaky maglumatyny habar berdi. Bu barada Turkmenportal habar berýär.
Habar berlişi ýaly, Iňlis dilini testirlemegiň halkara ulgamy Aşgabatda 2020-nji ýylyň 14-nji martynda «Ak Altyn» myhmanhanasynda geçiriler. Testirlemä gatnaşmak üçin töleg 200 iňlis funtuna deňdir. Testirlemä gatnaşmak üçin hasaba alynmak we töleg etmek onlaýn amala aşyrylýar.
Has doly maglumaty şu salgydan alyp bilersiňiz.
IELTS — International English Language Testing System — daşary ýurtly raýatlaryň iňlis dilini bilşini barlamagyň iň meşhur ulgamlarynyň biri. IELTS-yň netijeleri iş wizalaryny, ýaşamak üçin hukugy we raýatlygy almak üçin talap edilip bilinýär. Mundan başga-da, Beýik Britaniýanyň ýokary okuw mekdeplerine bakalawrlyga girmek üçin dalaşgärler hut şu testiň geçilendigi baradaky netijeleri görkezmeli.

düýn 20:41
1.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.8k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

22.06.2026 14:31
5.9k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......