Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet gullugy akademiýasy hakyndaky Düzgünnamany tassyklady

  • 26.01.2020 13:20
  • 6.9k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy hakyndaky Düzgünnama, akademiýanyň gurluşy, oňa okuwa kabul etmegiň Tertibi tassyklanyldy. Degişli resminama döwlet Baştutany anna güni geçen hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.
Bu resminama Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary üçin ýokary taýýarlykly döwlet ýolbaşçylaryny we gullukçylaryny, şeýle hem döwlete degişli bolmadyk edaralar üçin hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen kabul edildi.
Karara laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyna Bilim ministrligi bilen bilelikde hünärler boýunça okuw meýilnamalaryny taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasaryna tassyklamaga bermek tabşyryldy.
Akademiýa Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaga hem-de Ministrler Kabinetine bermäge borçly edildi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow giň möçberli milli taslamalaryň we döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň ýokary hünärli işgärler düzümini göz öňünde tutýandygyny aýdyp, Döwlet gullugy akademiýasynda ýolbaşçylar üçin sanly ykdysadyýetiň esaslary boýunça okuwlaryň guralmagynyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň kuwwatyny artdyrmaga ýardam etmelidigini belledi.

düýn 20:41
1.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.8k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

22.06.2026 14:31
5.9k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......