Türkmenistanyň welaýat merkezlerinde täze awtowokzallar gurlar

  • 25.01.2020 13:44
  • 5.2k+

«Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň welaýat merkezlerinde döwrebap ýolagçy awtomenzillerini gurar. Bu kompaniýa Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan geçirilen halkara bäsleşiginde ýeňiji bolmagy başardy. «Muhammet-Balkan» HJ tarapyndan hödürlenen taslama iň gowusy diýlip ykrar edildi. Bu barada ORIENT agentligi habar berýär.
Täze awtowokzallar Balkanabatda, Daşoguzda, Türkmenabatda we Maryda gurlar. Bu gurluşyklary Senagat we kommunikasiýalar ministrligi we «Myhammet-Balkan» HJ paýnamalaýyn esasda maliýeleşdirerler.
Ýurduň sebitlerinde täze ýolagçy awtowokzallaryň gurulmagy ýolagçy gatnawlaryny döwrebaplaşdyrmak we ilata berilýän ulag hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça meýilnamalaryň içine girýär.

düýn 21:07
6.4k+

Görnükli türkmen ýazyjysy Atajan Tagan 85 ýaşynda aradan çykdy

21-nji dekabrda häzirki zaman türkmen edebiýatynyň nusgawy ýazyjysy Atajan Tagan 85 ýaşynyň içinde dünýäsini täzeledi. Bu barada meşhur ýazyjynyň ýakynlary habar berdiler. Atajan Tagan 1940-njy ýylyň 15-nji maýynda Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Gojuk obasynda dünýä indi...

düýn 16:40
2.4k+

Ýewropa Bileleşiginiň Aşgabatdaky wekilhanasy Täze ýyl kitap sergisini geçirdi

20-nji dekabrda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy her ýylky Täze ýyl kitap sergisini geçirdi. Sergi eýýäm üçünji ýyl yzygiderli guraldy. Çäre Wekilhananyň meýdançasynda geçirildi we ýerli jemgyýeti kitap, medeniýet, ekologiýa aňy we baýramçylyk ruhy bilen gurşap aldy...

düýn 16:30
2.4k+

«Haýwanlar şäheri 2» ýylyň iň girdejili golliwud relizi boldy

«Haýwanlar şäheri 2» (Зверополис 2) ýylyň iň girdejili golliwud filmi boldy. Disney-iň animasion filminiň dünýädäki kassa ýygymy 150 mln dollar önümçilik býujetinde 1,13 mlrd dollara ýetdi. Ol şeýle netijäni prokata başlandan soň bary-ýogy üç hepdäniň dowamynda gazandy...

düýn 16:28
1.6k+

«Awatar: Ot we kül» filminiň ilkinji uikendde global kassa ýygymy 345 mln dollara ýetdi

Ilkinji uikendiň jemi boýunça «Awatar 3: Ot we kül» filmi amerikan prokatynda 88 mln dollar gazandy, global kassa ýygymy bolsa 345 mln dollara ýetdi. Film ABŞ-da bu görkeziji boýunça öňdebaryjy boldy, ýöne prokata 2022-nji ýylda ilkinji dynç günleri içerki prokatda 134 mln dollar we dünýäde 435 mln dollar ýygnan franşizanyň ikinji bölüminden gowşak başlady diýip, Variety habar berýär...