Türkmen ýaşlary üçin Russiýada okuw maksatnamasy hödürlenilýär

  • 25.01.2020 13:25
  • 9.7k+

Russiýa Federasiýasynyň federal býujetiniň hasabyna Türkmenistanyň raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar hem-de Türkmenistanda ýaşaýan russiýalylar üçin 2020/2021-nji okuw ýylyna orta hünär, ýokary we goşmaça hünär bilim maksatnamasyna gatnaşmak üçin dalaşgärleri kabul edilýär. Bu barada Turkmenportal habar berýär.
Daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar, şol sanda daşary ýurtlarda ýaşap, Russiýa Federasiýasynda RF-iň Hökümetiniň kesgitlän kwotasy boýunça federal býujetiň hasabyna bilim almak isleýän russiýalylar dalaşgärlik synaglaryna gatnaşmak üçin resminamalary ýygnamagyň EDU.RS.GOV.RU maglumat ulgamyna öz resminamalaryny ibermeli.
Bäsleşik saýlawyny geçmezinden öň, dalaşgärler https://future-in-russia.com/ portalynda hasaba alynmaly. Bu saýtda registrasiýa bolmadyk şahslar bäsleşige gatnaşyp bilmez. Hasaba alynmagyň möhletleri we test barlagynyň geçiriljek ýeri baradaky maglumat RF-iň Türkmenistandaky ilçihanasynyň saýtynda goşmaça ýerleşdiriler.
Test barlagyna gatnaşmak üçin çakylyklar her dalaşgäriň elektron salgysyna iberiler.
Goşmaça maglumaty şu salgydan alyp bilersiňiz.

düýn 20:41
1.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.8k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

22.06.2026 14:31
5.9k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......