Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň düzümlerine harby we ýörite atlar dakyldy

  • 23.01.2020 23:48
  • 5.4k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde harby gullukçylaryň birnäçesine Watan goragçylarynyň güni mynasybetli mukaddes harby borjuny ak ýürekden berjaý edip, Watanymyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmaga goşan goşantlary hem-de jemgyýetimizde kanunçylygy we hukuk tertibini berkitmekde bitiren hyzmatlary üçin nobatdaky harby atlar dakyldy.
Şeýle hem Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň medeniýet öýünde geçen 2019-njy ýylyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň göreldeli harby bölümleri sylaglanyldy.
Harby bölümleriň şahsy düzüminiň düzgün-nyzamyny berkitmekde, söweşjeň we gumanitar taýýarlygyny ýokarlandyrmakda alyp baran işleri seljerildi we bu babatda tapawutlanan harby bölümler ýeňiji diýlip yglan edildi. Ýeňiji harby bölümlere gymmat bahaly sowgatlar, Hormat hatlary we göçme wympelleri gowşuryldy.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda milli Liderimiz esgerleriň we serkerdeleriň bu belent borjy hemişe päk ýürek bilen ýerine ýetirjekdigine, Watana wepalylygyň beýik nusgasyny görkezjekdigine, türkmen halkynyň watansöýüjilik, edermenlik, gaýduwsyzlyk we mertlik ýaly asylly häsiýetlerini berkitmekde ukyp-başarnygyny gaýgyrmajakdygyna berk ynam bildirdi.

düýn 15:15
1k+

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.6k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......