Eminem rep okamak boýunça rekordyny täzeledi

  • 23.01.2020 20:45
  • 5.4k+

Amerikan reperi Eminem rep okamak boýunça özüniň rekordyny täzeledi. Bu barada The Telegraph neşiri habar berýär.
Onda reperiň «Music to Be Murdered By» albomyndaky «Godzilla» aýdymynda 30 sekundyň içinde 229 söz (339 bogun) aýdandygy bellenilýär. Bu bolsa onuň bir sekuntda ortaça 7,6 söz aýdandygyny aňladýar.
Mundan öňki rekordyny hip-hop-artist 2018-nji ýylda, ýagny aýdymçy Niki Minažyň Majesty treki üçin bent ýazan wagtynda goýýar. Bent 123 bogny öz içine almak bilen 12 sekunt töweregi dowam edýär, ýagny rep okamak tizligi sekuntda 10,3 bogna barabar bolýar. Eminemiň mundan öňki rekordy Rap God trekinden bölek bolupdy, onda reper 16,3 sekundyň içinde 157 bogun aýtdy – tizligi sekuntda 9,6 bogna deň boldy.
«Music to Be Murdered By» albomy 17-nji ýanwarda çykdy. Reliz hiç hili bildirişlere we mahabatlara eýe bolmady, onuň çykyşy barada artist duýdansyz ýagdaýda Instagramda habar berdi. Alboma 20 sany kompozisiýa girdi, olaryň arasynda Ed Şiran, Royce Da 5’9”, Juice WRLD, Anderson Paak ýaly aýdymçylar bilen hyzmatdaşlykda ýerine ýetirilenler hem bar. «Music to Be Murdered By» Eminemiň 11-nji studiýa albomy boldy.

şu gün 15:15
509

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.2k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
1.7k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
764

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......