«Euronews» türkmen teleýaýlymlary bilen hyzmatdaşlyk eder

  • 23.01.2020 01:54
  • 4.5k+

«Euronews» habarlar telewideniýesiniň Ýerine ýetiriji komitetiniň agzasy, işewürligi ösdürmek boýunça baş direktory Roland Nikolaou Türkmenistanda iş saparynda bolýar.
«Euronews» iri teleýaýlymlaryň biri bolup, 160 ýurtda dilleriň 13-sinde gepleşikleriň berilmegini amala aşyrýar. Roland Nikolaounyň DIM-de, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetinde bolan duşuşyklarynyň dowamynda teleradioýaýlymlar ulgamynda öňdebaryjy tehnologiýalary peýdalanmak bilen, habarlar gepleşiklerini taýýarlamak, tejribe alyşmak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli giň gerimli meselelere garaldy. Hususan-da, Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen şu ýylyň 12-nji dekabrynda geçirilmegi meýilleşdirilen «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahaty, teleýaýlymlarda hem-de beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde şanly senä bagyşlanan ýörite gepleşikleri taýýarlamak barada gürrüň edildi.
Ýurdumyzda geçiriljek iri sport çärelerini beýan etmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem taryh we medeniýet bilen baglanyşykly makalalardyr gepleşikleri taýýarlamak babatda tejribe alyşmagyň mümkinçiliklerine garaldy.
«Euronewsiň» wekili ýurdumyzda bolmagynyň çäklerinde paýtagtymyzyň muzeýleriniň gymmatlyklary, ak mermerli Aşgabadyň gözellikleri, şol sanda gurluşy hem-de tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşy boýunça özboluşly, şäheriň ýatda galyjy nyşanlarynyň biri bolan «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezi bilen tanyşdy.

düýn 15:15
1k+

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.6k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......