Oba hojalyk ekinlerini zyýankeşlerden goramak üçin gorag serişdeleri satyn alnar

  • 19.01.2020 12:30
  • 4.3k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýakynda geçen hökümet mejlisinde gol çeken Kararyna laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine 2020-nji ýylyň hasyly üçin ekilen bugdaýyň bir hem-de iki ülüşli haşal otlaryna, kesellerine we zyýankeşlerine, şalynyň haşal otlaryna hem-de 2020-nji ýylyň pagta hasyly üçin ekiljek gowaça tohumyny kesellere garşy dermanlamakda, şeýle hem çekirtge zyýankeşine garşy ulanyljak himiki serişdeleri hem-de bugdaýy iýmitlendirmek üçin mikrodökünleri satyn almak barada degişli daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Resminamada bellenilişi ýaly, bu karar ýurdumyzyň oba hojalygynda alnyp barylýan özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ýerden ýokary hasyl öndürmek ugrunda alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de oba hojalyk ekinlerini kesellerden we zyýankeşlerden goramak maksady bilen kabul edildi.

düýn 23:37
470

Ilon Maskyň emeli aň guraly indi wideolary 30 sekunda çenli uzaldyp bilýär

Ilon Mask wideolary döretmek mümkinçiliklerini has-da giňeldýän "Grok Imagine" hyzmatynyň täzelenmesini tassyklady. Ol X platformasyndaky @XFreeze ulanyjysynyň "Frame Extend" funksiýasyna bagyşlanan habaryny paýlaşmak arkaly bu täzeligi tassyklady...

düýn 22:09
2.1k+

Hindistan Holi baýramyny belleýär: Reňk festiwaly millionlarça adamy özüne çekdi (Foto)

2026-njy ýylyň mart aýynyň başynda Hindistan we dünýädäki induist jemgyýetleri ýazyň gelmegini hem-de ýagşylygyň ýamanlykdan üstün çykmagyny alamatlandyrýan iň şagalaňly we ähmiýetli baýramlaryň biri hasaplanýan Holi baýramyny belleýär...

düýn 20:44
479

«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky ikinji sany okyjylara gowuşdy. Neşiriň bu sany türkmen bedewiniň waspyna...

düýn 19:24
2.4k+

2040-njy ýyla çenli dünýäde semizligi bolan çagalaryň sany 227 milliona ýetip biler

  2040-njy ýyla çenli dünýäde semizligi bolan çagalaryň we ýetginjekleriň sany 227 milliona ýetip biler. Bu çaklama Bütindünýä semizlik federasiýasynyň (WOF) täze hasabatynda beýan edilýär. Hasabat her ýylyň 4-nji martynda bellenilýän Bütindünýä semizlige garşy göreş güni bilen baglylykda hödürlendi...