Geçen hepde boýunça Türkmenistanyň birža täzelikleri

  • 18.01.2020 22:57
  • 3k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Owganystanda, Birleşen Arap Emirliklerinden, Singapurdan, Şweýsariýadan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidroarassalanan dizel ýangyjyny we awiasion kerosinini satyn aldylar. Russiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri Gyýanlynyň polimer zawodynyň ýokary dykyzlykdaky polipropilenini satyn aldylar.
Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna dokmak we trikotaž önümleri, gazbeton bloklary, nah ýüplügi, pagta-süýümi ýerlenildi. Satyn alan ýurtlara: Gazagystan, Russiýa, Türkiýe degişlidir. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 76 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Beýik Britaniýadan, Kanadadan, Birleşen Arap Emirliklerinden we Türkiýeden gelen işewürler jemi bahasy 3 million 722 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 636 müň manatlyk pagta-süýümini satyn aldylar.

düýn 15:56
2.6k+

Serdar Berdimuhamedow Masud Pezeşkian bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

5-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi diýip, TDH habar berýär. Söhbetdeşler häzirki döwürde Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky syýasy-ykdysady we medeni gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini bellediler...

düýn 15:52
6.6k+

Serdar Berdimuhamedow ýanwar-maý aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi

5-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine seredildi...

düýn 09:09
2.6k+

Türkmenistan boýunça 2 müň 100 tonnadan gowrak pile öndürildi

2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça 2 müň 100 tonnadan gowrak pile öndürilip, bu ugurda bellenen şertnamalaýyn borçnama üstünlikli berjaý edildi. Bu barada Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer T.Atahallyýew döwlet Baştutanyna habar berdi...

05.06.2025 11:47
9.1k+

Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň bäş aýynyň jemleri boýunça Hökümet mejlisini geçirdi

4-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Mejlisiň barşynda degişli ýolbaşçylar hasabat bilen çykyş etdiler...