Döwlet ähmiýetli awto we demir ýol köprüleriniň tehniki ýagdaýy seljerildi

  • 18.01.2020 19:10
  • 3.9k+

17-nji ýanwarda geçirilen hökümet mejlisinde wise-premýer Ç.Purçekow Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň çägindäki döwlet ähmiýetli awtomobil we demir ýol köprüleriniň tehniki ýagdaýyny seljermek boýunça pudagara toparyň ýerine ýetiren işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda döwlet ähmiýetli awtomobil we demirýol köprüleriniň 582-si bar. Hasabatyň dowamynda hünärmenleriň geçiren barlaglarynyň netijeleri barada hem habar berildi. Şeýle hem ýerli ähmiýetli köprülere seljerme geçirildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, soňky ýyllarda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen bir hatarda, çylşyrymly we ýokary halkara ölçeglerine gabat gelýän inženerçilik-ulag ulgamyna degişli desgalary gurmak hem-de şolary ulanmaga bermek boýunça ýokary netijeleriň gazanylandygyny nygtady.
Döwlet Baştutany ýurdumyzyň ulag-logistik mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, häzirki zaman awtomobil we demirýol köprülerini, beýleki wajyp desgalary gurmak boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow köprüleriň gurluşygynyň sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny belläp, wise-premýere bellenilen işleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek meselelerine örän jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.

düýn 15:15
1k+

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.6k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......