Zenan raýatlar Harby instituta okuwa kabul ediler

  • 18.01.2020 19:02
  • 13k+

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutyna okuwa kabul edişligiň başlanmagy bilen, bu ýokary okuw mekdebine orta bilimli, harby gulluga meýletin girmäge isleg bildiren, ýaşy 21-den geçmedik zenan raýatlar hem kabul edilýär. Bu barada Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Milli goşun» saýty habar berýär.
Ykbalyny harby ugur bilen baglan zenanlar giň aň-düşünjeli, hakyky watansöýüji bolup ýetişýärler. Munuň şeýledigini dabaraly harby ýörişlerde zenan harby gullukçylaryndan düzülen Zenanlar batalýonynyň başlaryny belent tutup, dogumly ädimleri bilen dabaraly harby ýörişleriň bezegi bolýandyklary hem aňryýany bilen tassyklaýar.
Harby gullukçy zenanlar harby edaralar ulgamynda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmekde mynasyp zähmet çekip, türkmen zenanlarynyň dogumyny, güýç-gaýratyny görkezip, jebis türkmen halkynyň asuda we abadan durmuşynyň kepili bolup durýan harby ugry ösdürmekde saldamly goşantlaryny goşýarlar.

şu gün 15:15
509

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.2k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
1.7k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
764

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......