Türkmenistanda resminama dolanyşygyna «Elektron salgyt» ulgamy giriziler

  • 18.01.2020 13:21
  • 5.2k+

17-nji ýanwarda geçirilen hökümet mejlisinde Gurbanguly Berdimuhamedow Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Merkezi balans toparynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, bu toparyň düzümi tassyklap, Karara gol çekdi. 
Hökümet mejlisiniň barşynda şeýle hem Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdiriýetinde hem-de onuň garamagyndaky edaralarda resminama dolanyşygyna «Elektron salgyt» ulgamyny girizmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.
Wise-premýer G.Myradow balans toparynyň işi barada maglumat berip, maliýe taýdan durnuklylygy üpjün etmek, tölege ukyplylygy artdyrmak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir kadalaşdyryjy-hukuk namalaryna üýtgetmeler, goşmaçalar girizmek we olaryň käbirini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 3-nji noýabryndaky Kararyna laýyklykda, Merkezi balans topary hakyndaky Düzgünnama üýtgetmeler girizildi.
Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlisiň dowamynda wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentine «Elektron salgyt» ulgamyny girizmegiň göz öňünde tutulýandygy barada habar berdi. Bu ulgam Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda hem-de salgyt ulgamynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen taýýarlanyldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň pudaklaryň sanlaşdyrylmagyna aýratyn üns berýändigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleri işjeňleşdirmek barada wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

düýn 15:15
977

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.6k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......