«Türkmengaz» DK «Kawasaki» kompaniýasy bilen gazbenzin öndürýän zawody dolandyrmak boýunça şertnama baglaşar

  • 17.01.2020 23:52
  • 3.7k+

«Türkmengaz» döwlet konsernine Ýaponiýanyň «Kawasaki Heavy Industries, Ltd» kompaniýasy bilen bu zawody dolandyrmakda maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda gol çekdi.
Bu resminama laýyklykda, Ýaponiýanyň «Kawasaki Heavy Industries, Ltd» kompaniýasy bilen Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawody dolandyrmakda maslahat beriş hyzmatlary ýerine ýetiriler.
Ahal welaýatynda gazdan ekologiýa taýdan arassa awtomobil ýangyjyny öndürýän dünýäde ilkinji zawodyň gurluşygynyň amala aşyrylmagy netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr. Bu taslamanyň ýerine ýetirilmegi diňe bir milli ykdysadyýetimiziň köpugurly esasda ösdürilmeginde däl, eýsem, dünýäniň nebitgaz senagatynda möhüm tapgyra öwrüldi.
Bu döwrebap toplum ABŞ, Beýik Britaniýa, Fransiýa, Gollandiýa, Şwesiýa, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy, Hindistan we beýleki döwletleriň dünýä belli önüm öndürijileriniň iň täze tehnologiýalary we enjamlary bilen üpjün edildi. Kärhanada ýylda 1 milliard 785 million kub metr «mawy ýangyjy» gaýtadan işlemek we EURO-5 standartyna gabat gelýän EСO -93 görnüşli benziniň 600 müň tonnasyny hem-de dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy öndürmek meýilleşdirilýär.

20.06.2026 11:54
5.4k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.7k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......