Merkezi Aziýa – Hytaý gaz geçirijisinden geçen ýylda 47 mlrd kub metrden gowrak gaz iberildi

  • 16.01.2020 23:22
  • 2.6k+

2019-njy ýylda Merkezi Aziýa – Hytaý magistral gaz geçirijisi boýunça HHR-e 47,9 mlrd kub metrden gowrak tebigy gaz eksport edildi. Bu barada Sinhua agentligi PetroChina West Pipeline Company kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär.
Umumy uzynlygy 1833 km we ýyllyk geçirijiligi 55 mlrd kub metr bolan transmilli gaz geçiriji kadaly hem howpsuz ýagdaýda hereket edýär.
2019-njy ýylyň 31-nji dekabryna çenli ýagdaýa görä, gaz geçirijiniň üç şahasy boýunça Hytaýa 294,6 mlrd kub metr «mawy ýangyç» iberildi. Ol 27 sany welaýatyň, şäherleriň we awtonom etraplaryň, şeýle hem Sýangan ýörite dolandyryş etrabynyň ýarym milliardlyk ilatyny gaz bilen üpjün etdi. Bu möçberiň 80 göterimden gowragyny Türkmenistan üpjün etdi.
Energetika barlaglar boýunça Oksward institutynyň dekabrdaky hasabatyna görä, hytaý energiýa toplumynyň gözegçileriniň pikirine laýyklykda, HHR-de gaza bolan isleg geljek on ýyllyklarda has hem artar.

20.06.2026 11:54
5.4k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.7k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......