Luwr – 2019-njy ýylda iň köp barlan muzeý

  • 16.01.2020 21:31
  • 2k+

Pariž şäherindäki Luwr muzeýine geçen ýyl 9 million 600 müň adam baryp gördi. Muňa garamazdan, ol öňki ýylyň rekordyny — 10 mln adamdan geçip bilmedi. Bilermenleriň pikirine görä, muňa geçen ýylyň ahyrynda Pariždäki geçirilen iş taşlaýyşlar sebäp boldy. 2019-njy ýylda Luwra baryp görenleriň 25%-i fransuzlar. Daşary ýurtly myhmanlaryň aglabasy bolsa, ABŞ-dan, Hytaýdan we Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryndan — Ispaniýadan, Germaniýadan, Italiýadan we Beýik Britaniýadan boldy.
Dünýäniň iň köp syýahat edilen muzeýleriniň bäşligine Luwrdan başga — Waşingtondaky Tebigy taryh Milli muzeýi, Pekindäki Hytaýyň Milli muzeýi, Waşingtondaky Howada ýüzüş we astronawtika Milli muzeýi, şeýle hem Londondaky Britan taryhy-arhelogiýa muzeýi bar.
Luwrda dünýä belli 300 müňden gowrak eksponatlar saklanýar. Şolaryň hatarynda Leonardo da Winçiniň döreden «Mona Liza» eseri iň esasysy we meşhury bolmagynda galýar.

01.06.2026 13:04
2.8k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......

27.05.2026 14:41
6.7k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......

24.05.2026 16:01
4k+

Finlýandiýa 16 daşary ýurtlyny mugt tagam syýahatyna çagyrýar

Finlýandiýanyň «Visit Finland» syýahatçylyk guramasy fin aşhanasyny dünýä meşhur etmek maksady bilen, şu ýylyň güýzünde 16 sany daşary ýurtly myhman üçin çykdajylary doly tölenen tagam syýahatyny guraýar......

24.05.2026 14:30
1.9k+

Anime we manga muşdaklary Aziýada syýahatçylygyň ösmegine uly itergi berýär

Aziýa ýurtlarynda «anime syýahatçylygy» diýlip atlandyrylýan täze akym durnukly ösmegini dowam edýär. Meşhur «Trip.com» platformasynyň maglumatlaryna görä, diňe soňky bir ýylyň dowamynda anime we manga......