ABŞ we Hytaý söwda geleşiginiň birinji tapgyry hakynda ylalaşyga gol çekdiler

  • 16.01.2020 21:31
  • 1.7k+

Waşington we Pekin ylalaşyk yglan edýärler. Euronews agentliginiň habar berşi ýaly, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp we HHR-iň Döwlet geňeşiniň wise-prezidenti Lýu He söwda jedellerini kadalaşdyrmagyň birinji tapgyry hakynda ylalaşyga gol çekdiler. Bu jedeller iki ýurduň arasynda iki ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýär.
Ylalaşygyň esasy şertleriniň biri ABŞ-nyň intellektual eýeçiliginiň goraglylygyna bagyşlanýar. Waşington Pekiniň amerikan tehnologiýalaryny bikanun özleşdirmegi boýunça birnäçe gezek arz edipdi.
«Hytaý amerikan ideýalaryny, söwda syrlaryny, patentlerini we söwda markalaryny goramak bilen bagly düýpli borçnamalary öz üstüne aldy. Bu barada gürrüň gitjekdigi hakynda köpleriň bilmeýän bolmagy hem ahmal. Biz köp zady maslahatlaşdyk. Bu ýaňy bir birinji tapgyr» diýip Tramp aýtdy.
Şeýle hem Hytaý iki ýylyň dowamynda amerikan harytlarynyň, şol sanda oba hojalyk we senagat önümleriniň, şeýle hem energiýa serişdeleriniň importyny 200 mlrd dollarlyk artdyrjakdygyny wada etdi.
Öz gezeginde, Waşington täze salgyt salmalardan ýüz öwürdi we öňküleriniň käbirini azaltdy. Olar resminamalaryň indiki bukjasyna gol çekilýänçä güýjünde galar. Gepleşikleriň ikinji tapgyry eýýäm badalga aldy.

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......