«ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi Türkmenistanyň Hökümeti bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar» - Natalýa Drozd

  • 14.01.2020 23:42
  • 1.9k+

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň baştutany Natalýa Drozd Türkmenistanyň sebitde ykdysady durnuklylygy berkitmäge goşandyna ýokary baha berip, söwda we ulag ulgamlaryny netijeli dolandyrmak, suw serişdelerini durnukly dolandyrmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ösdürmek üçin innowasion tehnologiýalary giňden peýdalanmak, şeýle hem ýurduň raýat jemgyýetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň ekologiýa howpsuzlygy ulgamynda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça bilelikdäki işini belledi.
ÝHHG-niň merkezi ynsanperwer ölçegiň çäklerinde Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwany bilen ýakyndan işjeň hyzmatdaşlyk edýär, Gender deňligini üpjün etmek boýunça 2015 — 2020-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasyny ýerine ýetirmäge hem işjeň ýardam edýär.
ÝHHG köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ösdürmek ulgamynda kömek berýär. Merkez habar beriş serişdeleri (HBS) hakynda kanunlaryň birnäçesini, şol sanda tele we radioýaýlymlary hakynda kanuny işläp taýýarlamak işinde bilermeniň goldawyny berdi hem-de HBS-ni döwrebaplaşdyrmak meseleleri boýunça biziň hyzmatdaşlygymyz üstünlikli dowam edýär. Bu işde taslamalary durmuşa geçirmäge ýaşlary çekmäge aýratyn üns berilýär diýip, hanym N.Drozd aýtdy.
Şu ýyl üçin hyzmatdaşlygyň geljegi babatda ÝHHG-niň merkeziniň ýolbaşçysy 2020-nji ýylda bilelikdäki taslamalaryň meýilnamasynyň durmuşa geçirilip başlanýandygyny belledi. Şonda Türkmenistanyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen çäreleriň onlarçasyny guramak göz öňünde tutulýar.
Taslamalaryň meýilnamasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň baýram edilmegi mynasybetli hem çäreleriň birnäçesiniň geçirilmegini göz öňünde tutýar. ÝHHG-niň merkezi dawalaryň öňüni almak babatda ÝHHG-niň iş gurallary we tejribesi bilen tanyşdyrmak maksady bilen, esasy ýokary okuw mekdepleriň talyplary — geljekki diplomatlar üçin okuwlary gurar.

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......