BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilik başlangyçlaryna ýokary baha berdi

  • 14.01.2020 23:36
  • 1.6k+

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahaty üstünlikli geçirildi.
BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň baştutany Natalýa German maslahatda eden çykyşynda Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna örän uly goşant goşandygyny belledi. Türkmenistanyň saýlap alan ýolunyň öz wagtynda we esasly bolandygyny, ýurduň daşary syýasy ösüş nusgasynyň bolsa has oňaýlydygyny hem-de milli bähbitlere, dünýä jemgyýetçiliginiň uzak möhletli maksatlaryna we BMG-niň Tertipnamasyndaky ýörelgelere kybap gelýändigini bu gün ynamly tassyklap bolar diýip nygtady.
Natalýa German halkara meseleleri düzgünleşdirilende, bitaraplyk hem-de parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek ýörelgelerini netijeli ulanmak boýunça BMG-niň düzgünleriniň toplumyny işläp taýýarlamak baradaky türkmen tarapynyň başlangyjyna, şeýle hem BMG-niň howandarlygynda dawalaryň öňüni almak, şolaryň sebäbini we netijelerini aradan aýyrmak, ynsanperwer meseleleri çözmek maksady bilen, bitaraplyk ýörelgelerini iş ýüzünde ulanmak boýunça giň halkara gatnaşyklaryny guramak babatdaky başlangyjyna ýokary baha berdi.
Şeýle hem bellenilişi ýaly, Sebit merkezi öz wezipesini ýerine ýetirmeginiň çäklerinde sebit hyzmatdaşlygynyň has wajyp meseleleri boýunça sebitiň döwletleri bilen özara hereket edýär, sebitde, şol sanda BMG-niň ulgamynyň sebit guramalary we edaralary bilen maglumatlaryň alşylmagyna ýardam berýär, şeýle hem sebitde hem-de onuň çäklerinden daşardaky ýagdaýlara hemmetaraplaýyn toplumlaýyn seljerme geçirýär.

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......