Mekdeplerde okuw wagtynda telefon ulanmak gadagan edildi

  • 13.01.2020 22:40
  • 14k+

13-nji ýanwardan mekdeplerde okuw wagtynda mobil telefonlary ulanmak gadagan edildi. Indiden beýläk, okuwçylar mobil enjamlardan diňe mekdebiň çäginden daşynda peýdalanyp bilerler. Bu barada ORIENT habar berýär.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň orta bilim we terbiýeçilik işleri bölüminiň baş hünärmeni Bäşim Tejenowyň habar bermegine görä: «Bu çözgüt mobil telefonlaryň okuwçylaryň ýetişigine we özüni alyp barşyna ýaramaz täsiri bilen baglylykda kabul edildi. Mobil enjamlaryň elmydama ulanylyp durulmagy ösüp gelýän ýetginjegiň fiziki saglygyna hem zyýanly täsir edýär».
Mundan beýläk, mugallymlaryň hem telefonlaryny okuw wagtynda sessiz režimde durmaly. Mugallymlar hem sapak wagtynda telefondan peýdalanyp bilmezler.
Bu syýasatyň maksady bilim almak we okuw materiallaryny ünsüňi bölmezden özleşdirmek üçin zerur bolan gurşawy döretmekden, şeýle hem arakesmelerde özara işjeň aragatnaşyk üçin mümkinçilikleri döretmekden ybaratdyr.
Bu tejribe dünýäde giňden ýaýrandyr. Ýagny dünýä tejribesine laýyklykda, okuwçylaryň mekdebe geleninde, ýany bilen getiren mobil telefonyny okuw gününiň dowamynda öçürip goýmaklygy seýrek ýagdaý däldir.
Mysal üçin, Beýik Britaniýada eýýäm 2007-nji ýylda mekdepleriň 50% okuw gününiň dowamynda mobil telefonlary gadagan etdi. Bu görkeziji 2012-nji ýylda 98%-e ýetdi. Londonyň ykdysadyýet mekdebi tarapyndan geçirilen barlaglara laýyklykda, mekdeplerde mobil telefonlary ulanmaklyk gadagan edilenden soňra, okuwçylaryň ýetişik derejesi görnetin ýokarlandy.
Fransiýada 2018-nji ýylyň sentýabryndan 3-15 ýaşdaky okuwçylara mobil telefonlary ulanmak gadagan edildi.
ABŞ-nyň hem köp sanly mekdeplerinde bu hili düzgünler hereket edýär. 2005-nji ýylda Nýu-Ýork şäheriniň Bilim departamenti döwlet mekdeplerinde mobil telefonlaryny ulanmaklyga gadaganlyk girizdi. 2015-nji ýylda bu gadaganlyk ýatyryldy, emma mekdepleriň müdirleri mugallymlardyr ene-atalar bilen maslahatlaşyp, okuw wagtynda telefon ulanmaklygyň düzgünlerini kesgitläp bilerler.

şu gün 15:15
509

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.2k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
1.7k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
764

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......