Apple kompaniýasy iPhone 17 Pro-daky çyzyklary duzly erginiň kömegi bilen aýyrmagy teklip edýär

  • 30.09.2025 16:55
  • 7.5k+

Apple-iň täze iPhone 17 Pro we iPhone 17 Pro Max smartfonlary satuw başlany bäri garaşylmadyk kemçilik sebäpli dilden düşmän gelýär. Firma dükanlarynyň myhmanlary görkezmek üçin goýlan smartfonlarda yzky panelleriň çyzylandygyna üns berdi.

Bloomberg-iň kompaniýanyň içki hatlary bilen tanyş bolan žurnalisti Mark Gurmanyň habar bermegine görä, Apple dükanlaryň işgärlerine diňe bir smartfonlaryň yzky tarapyny yzygiderli süpürmegi däl, eýsem munuň üçin duzly ýörite arassalaýjy ergini ulanmagy maslahat beripdir.
9to5Mac neşiriniň maglumatlaryna görä, bu usul eýýäm tejribede barlanyp görüldi: iPhone 17 Pro-nyň yzky panelindäki sypjyryklar deňiz duzunyň suwly ergini bilen süpürildi, netijede yzlar ýitirim boldy.
Ozal Apple iPhone 17 Pro bilen iPhone 17 Pro Max-yň korpusyny ýasamakda ulanylan anodirlenen alýuminiň çyzylmalara ýeterlik derejede durnuklydygyny aýdypdy. Kompaniýa dükanlardaky smartfonlarda görünýän yzlaryň köne magnit saklaýjylary bilen galtaşygyň netijesinde ýüze çykyp bilendigini aýdýar. Käbir hytaý dükanlarynda telefon saklaýjylara täze yzlaryň döremeginiň öňüni alýan silikon örtükleri dakylyp başlandy.
Häzirlikçe Apple bu meseläni çynlakaý hasap edenok, şol sebäpli ony aradan aýyrmak boýunça giň gerimli çäreleri geçirmegi meýilleşdirmeýär. 


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...