Lexus LX wnedorožnigini garderobly “kaşaň” gözellik salonyna öwürdi

  • 22.09.2025 00:52
  • 10k+

Lexus-yň amerikan bölümi özüniň flagman LX wnedorožnigi bolan Glam LX konseptiniň adaty bolmadyk görnüşini görkezdi. Awtoulag garderobly we serpilip açylýan dört gapyly ykjam gözellik salonyna öwrüldi.

Iň uly üýtgeşmeler ýükdanyna degişli boldy. Indi onuň gapylary gapdala açylýar, içinde bolsa egin-eşik konsoly, aýakgap tekjesi we çekilip açylýan çekmeler ýerleşdirildi. Gapylaryna yşyklandyryjyly aýnalar oturdyldy we syrylyp ýapylýan tutynyň aňyrsynda eşik çalşyp bolýar.


Salony hem özboluşly dizaýn edildi. Çekme bölümi manikýur esbaplary goýulýan görnüşde üýtgedildi, onuň gapagyny stol hökmünde ulanyp bolýar. Yzky diwan öz enjamlary, yşyklandyryşy we goşmaça stoly bolan resmi taýdan gözellik salony hökmünde orun alýar.
Konsept daşyndan kuzowy sadappisint örtügi we daşlar bilen bezelen logotipi arkaly  tapawutlanýar.
Glam LX -i köpçülikleýin öndürmek meýilleşdirilmeýär. Ony diňe köpçülik çärelerinde LX modeliniň mümkinçiliklerini açmak üçin görkezerler.

 


07.06.2026 19:49
3k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

27.05.2026 19:09
7.5k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

15.05.2026 11:08
3.3k+

Lexus futuristik superkarynyň konseptini görkezdi

Pekin awtosalonynda Lexus kompaniýasy 2025-nji ýylyň ahyrynda anons edilen LFA superkarynyň pikirlerini ösdürýän täze sport awtomobiliniň konseptini tanyşdyrdy....

11.05.2026 18:31
5.3k+

Lexus ilkinji üç hatarly TZ krossowerini tanyşdyrdy: 6 orun, 420 at güýji we 480 km ýol ätiýaçlygy

Lexus öz taryhynda ilkinji gezek üç hatar oturgyçly, doly göwrümli elektrikli krossoweri bolan TZ modelini tanyşdyrdy....