Tramp TikTok-y satyn almak boýunça geleşige gatnaşýan milliarderleriň atlaryny aýtdy

  • 22.09.2025 17:31
  • 12k+

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp TikTok boýunça şertnama gatnaşýan maýadarlaryň atlaryny aýtdy. Ol Fox News teleýaýlymynda beren interwýusynda olaryň arasynda Oracle-yň egindeş esaslandyryjysy Larri Ellisonyň, Dell kompaniýasynyň ýolbaşçysy Maýkl Delliň, şeýle-de News Corp. mediaholdinginden Lahlanyň we Rupert Merdogyň bardygyny habar berdi.

Trampyň aýtmagyna görä, şertnama “ägirt” mukdar bilen baglanyşykly. Ylalaşygyň çäklerinde Hytaýyň ByteDance kompaniýasyna degişli bolan TikTok sosial ulgamy ABŞ-da amerikan eýeleriniň gözegçilik etmeginde aýratyn bölümçä bölner.
2024-nji ýylda ABŞ-nyň öňki Prezidenti Jo Baýden ByteDance-i TikTok-y satmaga borçlandyrýan kanuna gol çekdi. Ýogsam, hyzmat ABŞ-nyň çäginde petiklenip bilýärdi. 2025-nji ýylyň sentýabrynda Tramp HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen ylalaşygyň şertlerini ara alyp maslahatlaşdy we sosial ulgamyň petiklenmegini 16-njy dekabra çenli süýşürdi.

Larri Ellison programma üpjünçiligini işläp düzýän Oracle kompaniýasynda müdirler geňeşiniň başlygy we tehniki müdir wezipesini eýeleýär. Forbes onuň baýlygyny 370 mlrd dollar diýip hasaplaýar. Ýakynda Ellison gysga wagtlyk Ilon Masky dünýäniň iň baý adamlarynyň reýtinginiň çürbaşyndan gysyp çykardy, ýöne häzir ikinji orny eýeleýär.

Maýkl Dell elektronika we hasaplaýyş enjamlaryny öndürýän Dell Technologies kompaniýasyna ýolbaşçylyk edýär, onuň baýlygy 140 mlrd dollara barabar.

Merdoklaryň maşgalasynyň baýlygy 24 mlrd dollar diýlip hasaplanýar. Lahlan Merdok News Corp.-y (Fox News teleýaýlymyny, The Wall Street Journal we The Times gazetlerini öz içine alýar) esaslandyran Rupert Merdogyň ogludyr. Indi media imperiýasyny Lahlan dolandyrýar.


şu gün 00:57
3.8k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.3k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....