2020-nji ýylyň iň gowy şäheri atlandyryldy

  • 11.01.2020 23:12
  • 6.9k+

Dünýäniň bir milliondan gowrak ilatly iň gowy şäheri Beýik Britaniýanyň paýtagty London boldy. Muňa Resonance Consultancy bilermenleri tarapyndan düzülen «Dünýäniň iň gowy şäherleri — 2020» reýtingi hem şaýatlyk edýär. Doly sanaw kompaniýanyň saýtynda neşir edilen.
Degişli barlagyň çäklerinde ýerli ýaşaýjylaryň we şäheriň myhmanlarynyň beren bahalary, şeýle-de bilim edaralary, restoranlar we dükanlar bilen üpjünçilik, infrastrukturalaryň we gözel ýerleriň barlygy, howpsuzlyk derejesi, raýatlaryň girdejileri, şäheriň sosial torlarda meşhurlygy, klimat boýunça statistik görkezijileri göz öňünde tutuldy.
Barlagyň netijesi boýunça, ýaşaýyş üçin dünýäniň iň gowy megapolisleriniň reýtinginde London liderlik etdi, onuň yzyndan bolsa Nýu-Ýork, Pariž we Tokio gelýär.
Reýtingiň onlugyna Dubaý, Singapur, Barselona, Los-Anjeles we Rim hem girdi.

şu gün 15:15
640

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
1.9k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
803

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......