2020-nji ýylda Türkmenistanyň goşuljak halkara konwensiýalary barada

  • 11.01.2020 12:00
  • 3.2k+

2020-nji ýylyň dowamynda Türkmenistan birnäçe ugurlar boýunça halkara konwensiýalara we köptaraplaýyn resminamalara goşular. Hususan-da,
Ykdysady ugur boýunça Araçylygyň esasynda gazanylan halkara ýaraşyk ylalaşyklary hakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Konwensiýasy bar. Bu resminama söwda jedellerini çözmegiň täsirli usuly hökmünde araçylyga ýardam bermegiň guraly bolup durýar.
Ulag ugry boýunça Halkara awtomobil baş ýollar hakynda Ýewropa ylalaşygy bar. Bu resminama Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň işi alnyp barylýan sebitde halkara ýol ulgamynyň döredilmegini göz öňünde tutýar.
Daşky gurşawy goramak ugry boýunça Durnukly organiki hapalaýjylar hakynda Stokgolm konwensiýasy bar. Bu konwensiýa durnukly zäherli maddalaryň – organiki pestisidleriň ulanylmagyny bes etmegi göz öňünde tutýar.
Şeýle hem Ozon gatlagyny dargadyjy maddalar boýunça Monreal Teswirnamasyna Düzediş atly resminama daşky gurşawa ýaramaz täsirli maddalaryň önümçiliginiň we sarp edilişiniň yzygiderli azaldylmagyna gönükdirilendir.
Medeni-ynsanperwer ugry boýunça medeni taýdan özüni görkezmegiň dürlüligini goramak we höweslendirmek hakynda Konwensiýasy bar. Bu resminama dürli medeniýetleriň birek-birege täsiriniň erkinligi üçin şertleri döretmäge we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
Intellektual eýeçilik ugry boýunça Patent hukugy hakynda Şertnama bar. Bu şertnama milli patent ýüztutmalaryna we patentlere garamagyň amalyny kämilleşdirmegi göz öňünde tutýar.
Belläp geçsek, häzirki wagtda Türkmenistan köptaraplaýyn halkara resminamalarynyň 152-sine gatnaşýar. Şolaryň arasynda Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary tarapyndan kabul edilen Konwensiýalaryň 133-si bar.

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......