Içerki sarp edijiler üçin 2020-nji ýylda nebit önümleriniň möçberleri tassyklanyldy

  • 11.01.2020 11:25
  • 2.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň içerki sarp edijileri üçin 2020-nji ýylda nebit önümleriniň möçberlerini tassyklamak hakyndaky» Karara gol çekdi. 
Ýakynda geçirilen hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow degişli kararyň taslamasyny döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.
Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç-energetika toplumynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetinde ähmiýetli orun eýeleýändigini belläp, nebitiň hem-de tebigy gazyň çykarylýan we gaýtadan işlenilýän, ýurdumyzyň içinde we dünýä bazarlarynda isleg bildirilýän dürli nebithimiýa önümleriniň öndürilýän möçberlerini yzygiderli artdyrmagyň hem-de şolaryň görnüşlerini giňeltmegiň möhümdigini aýtdy.
Döwlet Baştutany döwrebap energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary pudaga ornaşdyrmak boýunça işleriň gerimini giňeltmegi, energetika ulgamynyň kärhanalarynyň eksport kuwwatyny berkitjek iri düzüm taslamalaryny ilerletmegiň barşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

20.06.2026 11:54
5.4k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.7k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......