«Nusaý ýollary» HK S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygynda ýerasty awtomobil we pyýada geçelgelerini gurar

  • 10.01.2020 22:54
  • 8.7k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly bilen Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň çatrygynda ýerasty awtomobil geçelgesiniň we 4 sany ýerasty pyýada geçelgesiniň taslamasyny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada «Nusaý ýollary» hususy kärhanasy bilen şertnamany, daşarky eltiji suw we lagym üpjünçiliginiň inžener ulgamlaryny gurmak şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.
Gurluşyk işlerine 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda başlamak we desgalary 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.
Bellenilişi ýaly, bu Karar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň awtomobil ýol ulgamlaryny mundan beýläk-de ösdürmek we binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna ýokary derejede taýýarlyk görmek maksady bilenkabul edildi.

düýn 15:15
977

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.6k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......