Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi geçirildi

  • 10.01.2020 22:46
  • 4.1k+

10-njy ýanwarda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Mejlisiň barşynda wise-premýerler gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy hem-de işleri döwrüň talabyna laýyk derejede guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.
Hökümet mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň kararlary bilen, ýurduň içerki sarp edijileri üçin 2020-nji ýylda nebit önümleriniň möçberleri tassyklanyldy. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Pudagara topary döretmek hakyndaky» Karara gol çekildi. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edara hökmünde Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi kesgitlenildi.
Ilata edilýän söwda hyzmatlaryny döwrebap derejede kämilleşdirmek, şol sanda internet-dükanlarynyň işini ýola goýmak arkaly «Harytlary uzaklykdan satmagyň Düzgünleriniň» taslamasy işlenip taýýarlanyldy.
Mejlisiň çäginde Türkmenistanyň şu ýyl halkara konwensiýalaryna we beýleki namalaryna goşulmagy boýunça teklipler barada hasabat berildi.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy 2020-nji ýylyň dowamynda ýurdumyzyň birnäçe ugurlar boýunça halkara konwensiýalara we köptaraplaýyn resminamalara goşulmagy babatda teklipleri Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürledi.
Ykdysady ugur boýunça Araçylygyň esasynda gazanylan halkara ýaraşyk ylalaşyklary hakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Konwensiýasy bar. 
Ulag ugry boýunça Halkara awtomobil baş ýollar hakynda Ýewropa ylalaşygy bar. 
Daşky gurşawy goramak ugry boýunça Durnukly organiki hapalaýjylar hakynda Stokgolm konwensiýasy bar.
Şeýle hem Ozon gatlagyny dargadyjy maddalar boýunça Monreal Teswirnamasyna Düzediş atly resminama daşky gurşawa ýaramaz täsirli maddalaryň önümçiliginiň we sarp edilişiniň yzygiderli azaldylmagyna gönükdirilendir.
Medeni-ynsanperwer ugry boýunça medeni taýdan özüni görkezmegiň dürlüligini goramak we höweslendirmek hakynda Konwensiýasy bar.
Intellektual eýeçilik ugry boýunça Patent hukugy hakynda Şertnama bar. 
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi hem-de şolar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......