Türkmen raýatlary üçin ABŞ-nyň ýokary okuw mekdeplerine girmek boýunça maksatnama açyldy

  • 10.01.2020 18:53
  • 8.9k+

Amerikan Sowetleri ABŞ-nyň ýokary okuw mekdeplerine üstünlikli girmek boýunça Prep4Success intensiw okuw maksatnamasyna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň raýatlaryny arza bermäge çagyrýar. Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň saýty habar berýär.
• 18 hepdelik (hepdede 4 gün, duşenbe-penşenbe) taýýarlyk okuw sapaklary;
Bu okuw sapaklary TOEFL/SAT testlerine taýýarlygy, şeýle hem amerikan kollejlerine ýa-da uniwersitetlerine üstünlikli tabşyrmak üçin zerur bolan akademik okuw we analitik pikirlenme usullaryny ulanmak arkaly ýazuw boýunça binýatlyk başarnyklary emele getirmegi öz içine alýar. Tejribeli mugallymlar barlagdan geçen we ygtybarly serişdelerdir usullary peýdalanyp, size bu predmetler boýunça taýýarlanmaga ýardam eder.
Gatnaşmak üçin mümkinçiligi barlar/Dalaşgärlere bildirilýän talaplar:
Resminamalar tabşyrylanda:
1. Orta mekdebiň uçurymy bolmaly;
2. Ýokary bilimiň bolmaly däl (bakalawr dereje);
3. Türkmenistanyň ýa-da islendik beýleki ýurtlaryň ýokary okuw mekdebiniň talyby bolmaly däl (hünär okuw mekdepleriniň talyplary arza berip bilerler);
4. Iňlis diliniň orta/çuňlandyrylan derejesine erk etmek;
5. Okuwda üstünlik gazanmaga hem-de ABŞ-nyň kollejlerinde hem-de uniwersitetlerinde bilim almaga höwesli bolmaly;
6. Kynçylyklara taýýar bolmaly!
Resminamalaryň bukjasy: Ähli resminamalar elektron formatda tabşyrylmaly.
• PDF formatynda doldurylan anketa. Şu ýerden ýüklemeli: http://americancouncilstm.org/wp-content/uploads/2019/12/Prep4Success-application_Spring-2020.pdf;
• Orta mekdebi tamamlandygy hakynda attestatynyň göçürmesi, bahalary bilen;
• Gol çekilen iňlis dilinde bir teklip ediji hat;
• Rezýume;
• Içerki pasportuň göçürmesi;
• Pasport ölçegdäki ýakynda düşülen surat;
Ähli resminamalar DIŇE elektron poçta boýunça şu salga iberilmelidir: associatep4s@americancouncilstm.org.
Resminamalary tabşyrmagyň soňky möhleti: ýekşenbe, 2020-nji ýylyň 19-njy ýanwary, 17:30-a çenli.
Goşmaça maglumat üçin 36-90-16/21 belgi arkaly habarlaşmaly (içerki 113).

26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

22.06.2026 14:31
5.9k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......