Türkmen gazynyň Hytaýa importy boýunça maglumatlar

  • 09.01.2020 23:01
  • 4.7k+

2019-njy ýylda Merkezi Aziýadan, esasan-da Türkmenistandan Hytaýa tebigy gazyň 47.9 milliard kub metri iberildi. Bu barada Hytaýyň Trend agentligi «Sinhua» habarlar agentligine salgylanyp habar berýär.
Kompaniýanyň berýän maglumatyna görä, 2019-njy ýylyň 31-nji dekabryna çenli Merkezi Aziýa – Hytaý gazgeçirijisinden Hytaýa 294.6 milliard kub metr tebigy gazyň importy amala aşyryldy. Bu bolsa, 27 sany welaýatyň, etraplaryň, sebitleriň we Gonkong ýörite administratiw etrabynyň 500 million ilatynyň tebigy gazdan peýdalanmagyna goldaw boldy.
Umumy uzynlygy 1,833 kilometr we geçirijilik kuwwaty ýylda 60 milliard kub metre deň bolan Hytaýda ilkinji transmilli gazgeçirijisi 2009-njy ýylyň dekabr aýyndan başlap, 10 ýyl bäri durnukly we howpsuz ýagdaýda işleýär. Hytaý bu gazgeçirijisinden ýurtda bir ýylyň dowamynda peýdalanylýan gazyň 15 göterimini import edýär.
Merkezi Aziýa – Hytaý Hytaýa tebigy gazyň eksportyny amala aşyrmakda esasy gazgeçirijidir. Gazgeçiriji üç A, B we C turbalaryndan ybarat bolup, tebigy gaz türkmen-özbek serhedinden Özbegistanyň we Gazagystanyň üsti bilen Hytaýa iberilýär. Häzirki wagtda dördünji D turba geçirijisiniň gurluşygy alnyp barylýar.

20.06.2026 11:54
5.4k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.7k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......