TOPH taslamasyny maliýeleşdirmek boýunça ylalaşyk baglaşmaga ygtyýar berildi

  • 09.01.2020 23:00
  • 3.9k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna Türkmenistanyň Hökümetiniň — Karz alyjynyň adyndan Türkmenistan —Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny maliýeleşdirmek üçin Saud ösüş gaznasy bilen degişli Maliýeleşdiriliş ylalaşygyny baglaşmaga we onuň güýje girmegi bilen bagly işleri amala aşyrmaga ygtyýar berildi.
Resminamada bellenilişi ýaly, bu Karara Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyna maýa goýumlary çekmek maksady bilen gol çekildi.
Umumy uzynlygy 1,814 kilometrlik TOPH gazgeçirijisi Türkmenistanyň (214 kilometr) “Galkynyş” gaz käninden çykýan tebigy gazy Owganystanyň (774 kilometr) üsti bilen Pakistana (826 kilometr), ol ýerden bolsa Hindistana iberer. Gazgeçirijiniň göwrümi ýyllyk 33 milliard kub metrlik tebigy gaza barabar bolar.

20.06.2026 11:54
5.4k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.7k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......