Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmagyň barşy bilen tanyşdy

  • 08.01.2020 22:04
  • 4k+

8-nji ýanwarda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowyň haýyşy boýunça Aşgabada iş saparyny amala aşyryp, birnäçe desgalaryň taslamalary hem-de şäheriň energiýa ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça meýilleşdirilýän işler bilen tanyşdy.
Wise-premýer Aşgabatda gurulýan täze desgalary elektrik energiýasy bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi, şeýle hem döwlet Baştutanynyň garamagyna elektrik energiýasy bilen üpjün etjek ulgama degişli desgalaryň taslamasyny hödürledi.
Türkmen Lideri ýurdumyzda elektrik energetikasy pudagyna ýangyjyň sarp edilişini azaltmaga hem-de şol bir wagtyň özünde elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberini artdyrmaga mümkinçilik berýän ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýändigini belledi.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň hasabatyny diňledi. Häkim paýtagtymyzyň S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygynda ýerasty ulag we pyýada geçelgesini, şeýle hem şol ýerasty geçelgäniň ýokarsyndaky aýlawly çatrykda bezeg sütünini gurmaga bäsleşigiň yglan edilendigi we bu bäsleşigiň tamamlaýjy tapgyrda barýandygy barada hasabat berdi.
Häzir Aşgabat sebit we dünýä hyzmatdaşlygynyň merkezine öwrüldi, munuň özi halkara häsiýetli iri çäreleri geçirmek hem-de sany ýylsaýyn artýan daşary ýurtly myhmanlary mynasyp kabul etmek üçin ähli şertleri döretmegiň möhümdigini aňladýar. Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutany iş saparyny jemlemek bilen, paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmek, onuň durmuş üpjünçilik ulgamlarynyň sazlaşykly we toplumlaýyn işlemegini üpjün etmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.

düýn 15:15
977

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.6k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......