Türkmenistan benziniň bahasy boýunça GDA-da 1-nji, dünýäde 8-nji ýerde

  • 07.01.2020 20:11
  • 8.7k+

2019-njy ýylyň jemleri boýunça Türkmenistan dünýäde benziniň iň arzan ýurtlarynyň sanawynda ilkinji onluga girdi. Türkmenistanda A-95 benzininiň bir litriniň bahasy 1,5 manat ($0,43). Bu görkeziji bilen ýurdumyz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda 1-nji, dünýäde 8-nji orunda durýar. Bu barada GlobalPetrolPrices.com saýty habar berýär.
Portal tarapyndan neşir edilen sanawda Türkmenistanyň yzyndan $0.46 bilen Gazagystan, $0.47 bilen Azerbaýjan gelýär.
— Dünýäde benziniň bir litriniň ortaça bahasy 1,12 ABŞ dollary boldy» diýip, GlobalPetrolPrices habar berýär.
Dünýäde iň arzan benzin Wenesuelada – litri üçin $0,001, iň gymmady bolsa — Gonkongda. Ol ýerde bir litriň bahasy $2,32 diýip portal tassyklaýar.
Mundan başga-da, Russiýada - $0,74, ABŞ-da — $0,77 we Hytaýda — $1,05.

20.06.2026 11:54
5.4k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.7k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......