Aşgabadyň S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygynda täze ýerasty ulag we pyýada geçelgesi gurlar

  • 07.01.2020 14:20
  • 4.7k+

6-njy ýanwarda geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda Aşgabat şäheriniň häkimi paýtagtymyzda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Maslahatyň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda ýaşaýyş jaýlaryň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň talabalaýyk ýyladylyşy, ilatyň elektrik energiýasy bilen üpjün edilişi bilen gyzyklandy.
Döwlet Baştutany şeýle hem paýtagtymyzyň S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygynda ýerasty ulag we pyýada geçelgesiniň gurluşygyna taýýarlyk görlüşine ünsi çekdi. Şunda şol ýerasty geçelgäniň ýokarsyndaky aýlawly çatrykda guruljak bezeg sütünine uly üns berilmelidir.
Döwlet Baştutany şunuň bilen baglylykda, ýerasty ulag we pyýada geçelgesini gurmak üçin bäsleşik yglan etmegi tabşyrdy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu geçelge bellenilen wagtynda hem-de dünýädäki iň kämil gazanylanlar esasynda gurulmalydyr.

düýn 15:15
1k+

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.6k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......