Türkmenistanyň Gümrük gullugy deslapdan maglumat bermegiň täze tejribesini özleşdirýär

  • 06.01.2020 23:17
  • 7.2k+

Türkmenistanyň döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky hojalyk dolandyryş direksiýasynyň terminal.gov.tm internet sahypasyna birnäçe täze bölümler girizilip, durky täzelendi, hususan-da, harytlar we ulag serişdeleri barada deslapky maglumat bermek üçin bölüm bilen üsti ýetirildi.
Dünýä tejribesinden mälim bolşy ýaly, birnäçe döwletlerde sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen gümrük serhedinde resmileşdirmegiň wagtyny tizleşdirmäge ýardam edýän deslapdan elektron maglumat alyşmak tejribesinde ýola goýulýar. Deslapdan maglumat alyşmak gümrük amallaryny elektron esasda alyp barmaga, gümrük edaralary bilen daşary ykdysady işe gatnaşyjylaryň arasynda maglumat alşygyny üpjün etmäge, berilýän kagyz resminamalarynyň we resmileşdirmegiň wagtynyň azalmagyna mümkinçilik
Deslapdan elektron maglumat alyşmak Türkmenistanyň gümrük serhedine gelýän harytlar we ulag serişdeleri barada zerur bolan maglumatlary almaga we ony öňünden gümrük edaralaryna geçirmäge mümkinçilik döreýär. Bu elektron maglumatlar internet ulgamy arkaly islendik enjamlaryň üsti bilen ugradylyp we alnyp bilinýär. Deslapky elektron maglumatlarda deklarantlar, berilýän resminamalar, alyjy we daşaýjylar, ulag serişdeleri, ulag kompaniýasy, sürüji, harytlar, olaryň bahalary gümrük edaralary tarapyndan talap edilýän beýleki maglumatlar görkezilýär. Ol maglumatlar ýeke-täk gümrük maglumat ulgamyna berlip, gümrük resmileşdirmesi üçin zerur elektron resminamany emele getirýär. Harytlar we ulag serişdeleri Türkmenistanyň gümrük serhediniň çägine gelende deslapdan berlen elektron maglumatlar esasynda doldurylan degişli resminama tassyklanandan soňra gümrük taýdan resmileşdirme amallary gysga wagtda amala aşyrylýar. Bu bolsa gümrük serhedinden geçirilýän ulag serişdeleriniň we ýük akymlarynyň möçberleriniň artmagyny, ulag üstaşyr geçelgeleriniň we söwda gatnaşyklarynyň ösmegini şertlendirýär.

düýn 15:15
977

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.5k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......