371 günde Ýeriň daşyndan aýlanjak ýüzüş Lissabondan ýola düşdi

  • 06.01.2020 18:51
  • 2.9k+

371 günde Ýeriň daşyndan aýlaw. 500 ýyl mundan öň portugaliýaly deňizde ýüzüji Fernan Magellanyň ýolbaşçylygynda dünýäde ilkinji Ýeriň daşyndan ýüzüşi gaýtalajak «Sagreş» atly gämi Lissabondan ýola düşdi. Bu barada Euronews habar berýär. Bäş asyr mundan öň bu ýüzüş üç ýyla çekipdi, Magellanyň özi bolsa, Filippin adalarynda keseýerliler bilen göreşde aradan çykypdy.
Şol wagt dünýäde ilkinji Ýeriň daşyndan ýüzüş üçin geografik açyşlara bolan gyzyklanma sebäp bolmandy. Onuň sebäbi Osman imperiýasy bilen dowam eden söwda göreşidi. Ispaniýa täze ýollary gözläp, Konstontinopolyň monopoliýasyndan dynmak isleýärdi.
«Sagreş» gämisi 19 döwletiň 22 sany deňiz portunda bolar we tomusky Olimpiýa oýunlary döwründe Tokioda düşlär.
Gäminiň bortunda 142 adamdan ybarat topar. «Sagreş» 2021-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda Lissabona dolanar.

01.06.2026 13:04
2.8k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......

27.05.2026 14:41
6.7k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......

24.05.2026 16:01
4k+

Finlýandiýa 16 daşary ýurtlyny mugt tagam syýahatyna çagyrýar

Finlýandiýanyň «Visit Finland» syýahatçylyk guramasy fin aşhanasyny dünýä meşhur etmek maksady bilen, şu ýylyň güýzünde 16 sany daşary ýurtly myhman üçin çykdajylary doly tölenen tagam syýahatyny guraýar......

24.05.2026 14:30
1.9k+

Anime we manga muşdaklary Aziýada syýahatçylygyň ösmegine uly itergi berýär

Aziýa ýurtlarynda «anime syýahatçylygy» diýlip atlandyrylýan täze akym durnukly ösmegini dowam edýär. Meşhur «Trip.com» platformasynyň maglumatlaryna görä, diňe soňky bir ýylyň dowamynda anime we manga......