Mary şäheriniň halkara howa menziliniň resmi saýty işe girizildi

  • 05.01.2020 23:55
  • 6k+

Mary şäheriniň halkara howa menziliniň resmi saýty — www.maryairport.gov.tm işe girizildi. Saýtyň sahypalarynda Mary welaýatynyň administratiw-dolandyryş merkeziniň howa duralgasynda ýolagçylar, olary ugradýanlar we garşy alýanlar hakynda möhüm maglumatlar ýerleşdirilýär. Bu bolsa syýahatlary öňünden meýilleşdirmäge ýardam eder. Bu barada Turkmenportal habar berýär.
Hususan-da, internet saýtda onlaýn tablo, uçuşlaryň tertibi, howa maglumaty, telefon belgileri, aeroport we awiakompaniýanyň hyzmatdaşlary üçin maglumatlar ýerleşdirilýär. Saýt türkmen, rus we iňlis dillerinde elýeterlidir.
Mary şäheriniň umumy meýdany 3,5 müň inedörül metre barabar bolan 2 gatly döwrebap binasy 2009-njy ýylyň martynda dabaraly ýagdaýda açyldy. Sagatda 300 ýolagça hyzmat etmäge ukyply terminal iň döwrebap enjamlar, elektron maglumat tablosy we eskalatorlar bilen üpjün edilipdir. Şeýle hem uzynlygy 3,5 müň inedördül metre deň bolan uçuş-gonuş zolagy guruldy. Aeroport 400 tonna çenli ýük göterijilikli howa gämilerini kabul etmäge ukyply.
Marydan Aşgabada, Türkmenbaşa we Daşoguza yzygiderli içerki uçuşlar amala aşyrylýar.

01.06.2026 13:04
2.8k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......

27.05.2026 14:41
6.7k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......

24.05.2026 16:01
4k+

Finlýandiýa 16 daşary ýurtlyny mugt tagam syýahatyna çagyrýar

Finlýandiýanyň «Visit Finland» syýahatçylyk guramasy fin aşhanasyny dünýä meşhur etmek maksady bilen, şu ýylyň güýzünde 16 sany daşary ýurtly myhman üçin çykdajylary doly tölenen tagam syýahatyny guraýar......

24.05.2026 14:30
1.9k+

Anime we manga muşdaklary Aziýada syýahatçylygyň ösmegine uly itergi berýär

Aziýa ýurtlarynda «anime syýahatçylygy» diýlip atlandyrylýan täze akym durnukly ösmegini dowam edýär. Meşhur «Trip.com» platformasynyň maglumatlaryna görä, diňe soňky bir ýylyň dowamynda anime we manga......