Lebap welaýatynda Aşgabat — Farap ýolunda täze AÝGB işe girizildi

  • 05.01.2020 14:12
  • 6.9k+

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň çäklerinde awtomobillere ýangyç guýujy täze beket işe girizildi. Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň saýtynyň habar berşi ýaly, Aşgabat – Farap ýolunyň golaýynda gurlan bu AÝGB köpugurly, ýokary tehnologiýaly hyzmat toplumy bolup, ony döretmäge iň häzirki zaman tehnologiýalary ulanylypdyr.
Häzirki zaman ýangyç paýlaýjy kolonkalar bilen enjamlaşdyrylan bu beket bir günde 750 awtomobile hyzmat etmäge ukyplydyr. Halkara ýolunda ýerleşen täze AÝGB diňe bir awtoulaglary ýangyç bilen üpjün etmek meselesini çözmek bilen çäklenmän, eýsem, sarp edijilerine serwis hyzmatlarynyň hem giň toplumyny hödürleýär.
Awtomobillere ýangyç guýujy bekediň gurluşygy «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň Lebap welaýat hojalyk hasaplaşygyndaky gurluşyk-gurnama müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan amala aşyryldy.
Belläp geçsek, soňky döwürde Lebap welaýatynyň çäginde awtoulaglara ýokary hilli hyzmatlary hödürleýän ýangyç guýujy beketleriň sany barha artýar.

20.06.2026 11:54
5.4k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.7k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......