Russiýa Ýeňiş güni mynasybetli GDA döwletleri üçin ýubileý medallaryny taýýarlar

  • 04.01.2020 22:48
  • 2.6k+

Russiýa GDA döwletleri üçin Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli ýubileý medallaryny taýýarlar. Bu medallar urşa gatnaşyjylara, tyl zähmetkeşlerine, konslagerleriň ýesirlerine — adamzat üçin möhüm bolan bu ýeňşe goşant goşan ähli adamlara gowşurylar. Bu barada ORIENT habar berýär.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň degişli edaralary sylaglanýanlaryň sany baradaky maglumatlary 2020-nji ýylyň 1-nji fewralyna çenli Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edarasyna gowşurmaly. Medallar diplomatik ýollar arkaly 1-nji martdan gijä galman gowşurylar.
Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli baýragy W.Putin baryp tomusda esaslandyrypdy. Kümüşsöw reňkli metaldan taýýarlanyljak medalyň ýüz tarapynda reýhstagyň diwarynda «Ýeňiş!» diýen sözi ýazyp duran ýeňiş gazanan esgeriň suraty ýerleşdiriler.
GDA döwletleri Ikinji jahan urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli Bilelikdäki beýannamany kabul etdiler. Bu resminama dünýä döwletlerini halas ediji-gahrymanlaryň ýadygärligini hormatlamaga we mynasyp saklap galmaga çagyrýar.

düýn 15:15
1k+

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.6k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......