Dünýä boýunça çagalaryň dogluşy boýunça ÝUNISEF-iň statistikasy

  • 04.01.2020 22:37
  • 2.9k+

ÝUNISEF-iň çaklamalaryna laýyklykda, 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda dünýäde 392 müň 78 çaga dogulmalydy. Bu umumy sanyň içinde Türkmenistanyň paýyna — 361 çaga düşýär, diýip ORIENT habar berýär.
ÝUNISEF-iň baha bermegine görä, dünýä boýunça dogrumlaryň ýarysyndan gowragy sekiz döwlet bolýar: Hindistan (67,385), Hytaý (46,299), Nigeriýa (26,039), Pakistan (16,787), Indoneziýa (13,020), ABŞ (10,452), Kongo Demokratik Respublikasy (10,247), Efiopiýa (8,493).
BMG-niň Çagalar gaznasy «Her bir çaga ömür» («Every Child Alive») atly ählumumy maksatnama badalga berdi. Bu maksatnama döwletleri we dünýä liderlerini 2020-nji ýylda göwrelilik we dogrum döwründe dürli hili kynçylyklaryň öňüni almak we bejermek üçin saglygy goraýyş ulgamynyň ýokary hünär taýýarlykly hünärmenlerini taýýarlamaga, şeýle hem enä we täze doglan çaga ideg etmekde zerur bolan derman serişdeleri bilen üpjün etmeklige maýa goýmaklyga çagyrýar.
— Eger-de millionlarça çaganyň ygtybarly ellerde dünýä inse, biz olaryň mundan beýläk hem sagdyn boljakdygyna kepil geçip bileris – diýip ÝUNISEF-iň ýerine ýetiriji direktory Genrietta Fore aýtdy.

düýn 15:15
977

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.5k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......