Türkmenistanda harby gulluga çagyryşyň güýzki möwsümi tamamlandy

  • 03.01.2020 23:37
  • 3.5k+

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerine we beýleki goşunlaryna 2019-njy ýylyň güýzki çagyryş möwsümi resmi taýdan üstünlikli tamamlandy. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we Türkmenistanyň «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Kanunyna laýyklykda bu möwsümiň dowamynda çagyryş boýunça iki ýyl harby gullugyny geçen harby gullukçylar hem ätiýaçlyga goýberildi. Bu barada Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Milli goşun» saýty habar berýär.
Çagyryş möwsümi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Harby gulluga degişli raýatlaryň lukmançylyk barlaglary halkara hil standartlaryna laýyk gelýän sanly enjamlaryň kömegi bilen amala aşyryldy. Netijeliligi ýokarlandyrmak maksady bilen harby wekillikleriň harby gullukçylary we işgärleri tarapyndan öňdebaryjy maglumat tehnologiýalary ulanyldy.
Ýaragly Güýçlerimiziň serkerdeleriniň we borçnama boýunça harby gullukçylarynyň esasy wezipesi – ýaş esgerlere iki ýylyň dowamynda dürli ýaraglaryň, harby tehnikalaryň ulanylyşynyň inçe tilsimlerini öwretmek we olary watançylyk ruhunda terbiýelemekden ybarat bolup durýar. Türkmenistanyň harby gulluk 27 ýaşa çenli erkek raýatlaryň ählisi üçin 2 ýyl möhlet bilen bellenilendir. Ýaragly güýçler üçin harby hünärlere ýeterlik derejede erk edip bilýän ätiýaçdaky gullykçylary taýýarlamak nukdaýnazaryndan bu iň amatly möhlet hasaplanylýar, diýip neşir belleýär.

düýn 23:37
470

Ilon Maskyň emeli aň guraly indi wideolary 30 sekunda çenli uzaldyp bilýär

Ilon Mask wideolary döretmek mümkinçiliklerini has-da giňeldýän "Grok Imagine" hyzmatynyň täzelenmesini tassyklady. Ol X platformasyndaky @XFreeze ulanyjysynyň "Frame Extend" funksiýasyna bagyşlanan habaryny paýlaşmak arkaly bu täzeligi tassyklady...

düýn 22:09
2.1k+

Hindistan Holi baýramyny belleýär: Reňk festiwaly millionlarça adamy özüne çekdi (Foto)

2026-njy ýylyň mart aýynyň başynda Hindistan we dünýädäki induist jemgyýetleri ýazyň gelmegini hem-de ýagşylygyň ýamanlykdan üstün çykmagyny alamatlandyrýan iň şagalaňly we ähmiýetli baýramlaryň biri hasaplanýan Holi baýramyny belleýär...

düýn 20:44
479

«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky ikinji sany okyjylara gowuşdy. Neşiriň bu sany türkmen bedewiniň waspyna...

düýn 19:24
2.4k+

2040-njy ýyla çenli dünýäde semizligi bolan çagalaryň sany 227 milliona ýetip biler

  2040-njy ýyla çenli dünýäde semizligi bolan çagalaryň we ýetginjekleriň sany 227 milliona ýetip biler. Bu çaklama Bütindünýä semizlik federasiýasynyň (WOF) täze hasabatynda beýan edilýär. Hasabat her ýylyň 4-nji martynda bellenilýän Bütindünýä semizlige garşy göreş güni bilen baglylykda hödürlendi...