Pensiýa, döwlet kömek pullarynyň 10% ýokarlandyrylan möçberi tölenip başlandy

  • 03.01.2020 06:20
  • 6.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, Täze, 2020-nji ýylyň ilkinji günlerinden pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň 10 göterim ýokarlandyrylan möçberi tölenilip başlandy.
Resminama laýyklykda, Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlaryň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberi 1415 manat möçberde kesgitlenildi.
Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberiniň artdyrylmagynyň her ýyl geçirilýän çäredigini bellemek möhümdir. Bu çäre Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasatynyň yzygiderli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär.
Şunuň bilen baglylykda, sanly tehnologiýalaryň ösdürilmegi netijesinde pensiýalary we kömek pullaryny hasaplamak hem-de bermek işiniň ep-esli kämilleşdirilendigini bellemelidiris. Şol tölegler elektron kartlaryna geçirilýär. Indi kartlaryň eýeleri pul serişdelerini bankomatlardan bökdençsiz alyp bilýär ýa-da islendik töleg amallarynda kartlardan peýdalanýar.
Kartyň eýeleri üçin goşmaça hyzmatlaryň girizilmegi bilen, ýaşulularda uzak aralykdan durmuş meseleleriniň köpüsini çözmek mümkinçilikleri peýda bolýar. Saglyk ýagdaýy we beýleki sebäplere görä, elektron kartlaryndan peýdalanyp bilmeýän pensionerler üçin pensiýalary öýüne eltilip berilýär.

düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......