Çagalaryň Gökderedäki dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde gyşky dynç alşy başlandy

  • 03.01.2020 06:04
  • 2.9k+

2-nji ýanwarda Gökderedäki dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde çagalaryň gyşky dynç alyş möwsümi başlandy. Paýtagtymyzyň Çagalar we ýetginjekler köşgüniň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň ähli künjeklerinden gelen çagalary Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşýän Gökderedäki dynç alyş-sagaldyş merkezlerine gyşky dynç alşa ugradyldy.
Gökderäniň dynç alyş merkezlerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň sagaldyş merkezlerinde göwnejaý dynç almak hem-de boş wagty peýdaly geçirmek üçin ähli şertler döredildi.
Bilim, Sport we ýaşlar syýasaty, Medeniýet, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň hünärmenleri dürli maksatnamany işläp taýýarladylar. Şonda sport ýaryşlary we döredijilik bäsleşikleri, sungat ussatlary bilen duşuşyklar hem-de muzeýlere we teatrlara gezelençler, sahna çykyşlaryny hem-de şygryýet agşamlaryny guramak göz öňünde tutuldy.
Okuwçylar üçin dürli ugurlar boýunça gurnaklary, kompýuter progammalaryny we daşary ýurt dillerini öwrenmek boýunça okuwlary, işjeň we öwreniş dynç alyşlary guraldy. Şunda olara ýokary okuw mekdeplerinde terbiýeçilik hünärleri boýunça bilim alýan talyplar hem ýardam eder, Gökdere olar üçin hünär başarnyklaryny ýokarlandyrmakda oňat tejribe bolar.
Şeýle hem çagalar üçin paýtagtymyza—Döwlet muzeýine, “Älem” medeni-dynç alyş merkezine, “Aşgabat” seýilgähine we beýleki ýerlere gezelençler taýýarlanyldy.

şu gün 15:15
509

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.2k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
1.7k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
764

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......