Türkmenistanyň Gümrük gullugy dolulygyna elektron ulgama geçdi

  • 02.01.2020 18:43
  • 7k+

2020-nji ýylyň 1-nji ýanwardan başlap, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy gümrük amallaryny «ASYCUDA World» ulgamynda dolulygyna elektron görnüşde resmileşdirmäge başlady. Türkmenistanyň Gümrük gullugynyň resmi saýty habar berýär.
Bu ulgam ýylda 16 mln-dan gowrak gümrük amallaryny awtomatlaşdyrylan ýagdaýda işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Bu gümrük resmileşdirmelerine sarp edilýän wagty tygşytlamaga, şeýle hem ýükleriň gözegçiligi we üstaşyr geçirilmegi boýunça işleriň howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga ýardam eder.
2019-njy ýylda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasy (UNCTAD) «ASYCUDA World» atly utgaşdyrylan gümrük maglumatlar ulgamyny ornaşdyrmak boýunça tehniki hyzmatdaşlyk baradaky taslamalaýyn Ylalaşyga gol çekdi.
Taslama birnäçe tapgyrda amala aşyrylýar, şol sanda ýurduň gümrük edaralaryna ornaşdyrylýan eksport modulyny tanyşdyrýan okuw sapaklary gurnaldy. Okuw prosesiniň dowamynda oňa gatnaşyjylar maglumatlar ulgamynda gümrük deklarasiýalary bilen işlemek proseslerini öwrendiler.
Gümrük amallarynyň awtomatlaşdyrylmagy serhetara söwdanyň ösmegine we işewürliginiň halkara arenasynda öňe ilerlemegine ýardam eder.

düýn 15:15
971

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.4k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.5k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......