Türkmenistanyň Prezidenti «Döwletliler köşgünde» terbiýelenýänlere sowgatlar iberdi

  • 01.01.2020 23:58
  • 2.6k+

1-nji ýanwarda Söwda-senagat edarasynda Täze ýyl baýramy mynasybetli geçirilen dabarada «Döwletliler köşgünde» terbiýelenýänlere Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.
Dürli serişdeler we köp öwüşgünli yşyklar bilen bezelen belent başly arçanyň ýanynda guralan aýdym-sazly çykyşlar bu ýerde geçirilýän dabaranyň esasyny düzdi. Ýurdumyzyň Bilim we Medeniýet ministrlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň wekilleri hem-de köpsanly myhmanlar çagalaryň şatlygyny paýlaşmaga geldiler.
Şeýle hem ýurdumyzyň belli sungat ussatlary, artistler bu ýerde myhmançylykda bolup, aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyrdylar. Aýazbabanyň hem-de Garpamygyň ýolbaşçylygyndaky ertekileriň gahrymanlary hem dabara baýramçylyk öwüşgünini çaýdylar. Dürli baýramçylyk lybaslaryny geýnen çagalar joşgunly tanslary ýerine ýetirdiler we belent başly arçanyň daşyndan aýlandylar.
Dabaranyň ahyrynda «Döwletliler köşgünde» terbiýelenýänler ajaýyp sowgatlar, bagtyýar çagalyk üçin Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.

düýn 15:15
1k+

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.6k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......