2020-nji ýylyň ilkinji bäbejigine Prezidentiň adyndan sowgatlar gowşuryldy

  • 01.01.2020 23:58
  • 14k+

2020-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Annaýewleriň maşgalasynda Türkmenistanda täze, 2020-nji ýylyň başlanýan gününde ilkinji bäbejik dünýä indi. Bäbegiň ene-atalaryna Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.
Bu körpeje Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde täze ýylyň ilkinji pursatlarynda dünýä indi.
TDH agentligine Merkeziň işgärleriniň habar berişleri ýaly, çaganyň we enäniň saglyk ýagdaýy kanagatlanarly. Doglan oglanjygyň agramy 3 kilogram 610 gram, boýy 52 santimetr. Bäbejige Mekan diýlip at goýuldy.
Çaganyň bagtyýar ene-atalary-- çagany we eneligi goldamak boýunça durmuş ulgamyny nazarlaýan döwlet syýasatyny alyp barýandygy, ösüp barýan ýaş nesiller hakynda alada edýändigi üçin Türkmen Liderine tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.

düýn 23:37
470

Ilon Maskyň emeli aň guraly indi wideolary 30 sekunda çenli uzaldyp bilýär

Ilon Mask wideolary döretmek mümkinçiliklerini has-da giňeldýän "Grok Imagine" hyzmatynyň täzelenmesini tassyklady. Ol X platformasyndaky @XFreeze ulanyjysynyň "Frame Extend" funksiýasyna bagyşlanan habaryny paýlaşmak arkaly bu täzeligi tassyklady...

düýn 22:09
2.1k+

Hindistan Holi baýramyny belleýär: Reňk festiwaly millionlarça adamy özüne çekdi (Foto)

2026-njy ýylyň mart aýynyň başynda Hindistan we dünýädäki induist jemgyýetleri ýazyň gelmegini hem-de ýagşylygyň ýamanlykdan üstün çykmagyny alamatlandyrýan iň şagalaňly we ähmiýetli baýramlaryň biri hasaplanýan Holi baýramyny belleýär...

düýn 20:44
479

«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky ikinji sany okyjylara gowuşdy. Neşiriň bu sany türkmen bedewiniň waspyna...

düýn 19:24
2.4k+

2040-njy ýyla çenli dünýäde semizligi bolan çagalaryň sany 227 milliona ýetip biler

  2040-njy ýyla çenli dünýäde semizligi bolan çagalaryň we ýetginjekleriň sany 227 milliona ýetip biler. Bu çaklama Bütindünýä semizlik federasiýasynyň (WOF) täze hasabatynda beýan edilýär. Hasabat her ýylyň 4-nji martynda bellenilýän Bütindünýä semizlige garşy göreş güni bilen baglylykda hödürlendi...