Türkmenistanlylar 2020-nji ýyla gadam basdy

  • 01.01.2020 23:49
  • 4.4k+

Täze, 2020-nji ýyl ýurdumyzyň durmuşyna dürli öwüşginler bilen girip, ähli türkmenistanlylara, aýratyn-da, çagalara şatlykly täsirleri peşgeş berdi.
2020-nji ýyla gadam basmak hem-de geljege dostlukly we şatlykly geçilmegini täze güýçler, gujur-gaýrat, uly meýiller hem-de olary amala aşyrmaga taýýarlyk bilen şatlykly bellemek üçin Türkmenistanda ähli şertler döredildi. 31-nji dekabr senesiniň dynç alyş güni diýlip yglan edilmegi hem şoňa şaýatlyk edýär.
Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde guralan medeni çäreler, sergiler we konsertler, sahnalaşdyrylan çykyşlar we çagalar oýunlary Täze ýyly garşylamak üçin ajaýyp sebäp boldy, hemişe bolşy ýaly, ýurdumyzyň Baş arçasy oturdylan «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança esasy Täze ýyl dabaralarynyň merkezine öwrüldi.
Dizaýnerleriň tagallalary netijesinde «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança jadyly gyşky baga öwrüldi, bu ýerde garyň we gar syrgynlarynyň ýerine neon dekorasiýalary we elektrik gar tozgajyklary ulanyldy.
Meýdançada gurnalan sahnada meşhur estrada aýdymçylarynyň, ussatlaryň we parlak ýyldyzlaryň gatnaşmagynda aýdym-sazly şüweleň ýaýbaňlandyryldy. Tansly çykyşlar, söýgi we joşgunly aýdymlar ýaňlandy.
Soňra däbe öwrülen baýramçylyk teleköprüsi arkaly Täze ýyl gijesi türkmen paýtagty ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň dolandyryş merkezleri bilen birleşdirildi.
Soňra Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow göni ýaýlymda Türkmenistanyň halkyna Täze ýyl Gutlagy bilen ýüzlendi.
Birnäçe wagtdan sagadyň dilleri bir nokatda birleşdi. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. Soňra baýramçylyk feýerwerki nurana asmanymyzy bezedi.
Täze ýyl täze gadamlar bilen türkmen topragyna gadam basdy.

şu gün 15:15
509

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.2k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
1.7k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
742

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......