«TMCARS-dan» Täze ýyl gutlagy

  • 31.12.2019 13:17
  • 9.8k+

«TMCARS-yň» hormatly ulanyjylary, okyjylary we hyzmatdaşlary!
Sizi Täze — 2020-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!
«TMCARS» eýýäm birnäçe ýyllaryň dowamynda öz ulanyjylarynyň isleglerini öwrenýär we internet söwdasy, reklama hyzmatlary boýunça hyzmatlarynyň hilini barha ýokarlandyrýar. Türkmenistanyň belli awtomobil portaly öz ugrundan öňdebaryjy orny eýeleýär.
Biziň hünärmenlerimiziň öz işine professional çemeleşmeleri, operatiwligi ulanyjylarymyzyň arasynda oňyn seslenme tapýar.
Geçip barýan 2019-njy ýylda biziň bilen netijeli aragatnaşyk saklap, hyzmatdaşlyk edendigiňiz üçin Size tüýs üýrekden hoşallygymyzy mälim edýäris! Nesip bolsa, geljek ýylda hem hyzmatlaryň ýokary hili we täze görnüşleri bilen siziň islegleriňizi kanagatlandyrmak ugrunda zähmetimizi gaýgyrmarys.
Täze ýyl baýramy elmydama diňe gowulyga, ýagşy işlere ruhlandyrýar. Goý, 2020-nji ýyl her bir türkmen maşgalasy üçin düşümli, üstünlikli, bereketli, ýakymly täzeliklere baý ýyl bolsun! Ýürekleriňizde beslän ähli arzuwlaryňyz hasyl bolsun!
Size we Siziň ýakynlaryňyzyň ählisine jan saglygyny, rysgal-bereketi we meýilleşdiren ähli başlangyçlaryňyzyň rowaçlanmagyny arzuw edýäris. Täze ýylyňyz gutly bolsun!
Hormatlamak bilen, «TMCARS-yň» işgärleri.

düýn 15:15
906

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.4k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.4k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......