Baýramçylyk günlerinde ýurt boýunça nobatçylyk talabalaýyk gurnalar

  • 31.12.2019 10:27
  • 2.4k+

Ýakynda geçirilen hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýer, Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň Başlygynyň orunbasary B.Öwezowa ýüzlenip, Täze ýyl baýramynyň bellenýän günlerinde ýurdumyz boýunça nobatçylygy talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Wise-premýer P.Agamyradowa bolsa bu ugurda geçiriljek işlerde ýardam etmek barada görkezme berildi.
Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ähli orunbasarlaryna öz gözegçilik edýän ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen maslahat geçirmegi, Täze ýyl baýramynyň bellenýän günlerinde ministrliklerde we pudak edaralarynda nobatçylyk etmegiň Tertibine seretmek, jemagat hojalygy, saglygy goraýyş, ýolagçy ulaglaryň, dükanlaryň işini degişli derejede guramak, elektrik we suw üpjünçilik meselelerine seretmegi tabşyrdy.
Wise-premýer B.Öwezowa, bütin ýurdumyz boýunça baýramçylyk günlerinde nobatçylygyň talabalaýyk guralmagyna umumy gözegçiligi üpjün etmek tabşyryldy.
Hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna ähli ýerlerde tertip-düzgüniň pugta berjaý edilmegini üns merkezinde saklamak tabşyryldy.

düýn 15:15
906

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.3k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.4k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......