Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk toplumyna bardy

  • 30.12.2019 07:35
  • 4.8k+

29-njy dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow säher bilen Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna geldi we «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşyp, olaryň türgenleşik işleri bilen tanyşdy.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 2007-nji ýylda döredilen bu topar iri halkara bäsleşikleriniň we sirk sungatynyň festiwallarynyň abraýly baýraklaryna ençeme gezek mynasyp boldy. Ol diňe 2019-njy ýylda Bahreýnde we Hytaý Halk Respublikasynda çykyş etmäge çagyryldy.
Döwlet Baştutany ahalteke bedewlerimizi, türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan milli at üstündäki oýunlary dünýä ýaýmaga goşýan goşandyny bellemek bilen, “Galkynyş” toparynyň çapyksuwarlaryna öz ussatlygyny kämilleşdirmekde täze üstünlikleri arzuw etdi hem-de toparyň agzalaryny ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlap, olara baýramçylyk sowgatlaryny gowşurdy. Prezident “Galkynyş” toparyna gazanan uly üstünlikleri üçin ABŞ-nyň 50 müň dollary möçberindäki pul baýragyny gowşurdy. Türkmen Lideri “Rowaç” atly aýdymly diskini sowgat gowşurdy.
Soňra “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýolbaşçysy P.Baýramdurdyýew bedewleriň arasyna täze goşulan Ak ýol atly bedewi Türkmenistanyň Prezidentine görkezdi we bu bedewi manežde çapyp görmegi haýyş etdi.
Döwlet Baştutany Ak ýol atly bedewine atlanyp, mähriban halkymyza Täze ýylda ak ýollara rowanalygy arzuw etdi.

düýn 15:15
977

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.5k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......