2020-nji ýyl «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly diýlip yglan edildi

  • 28.12.2019 06:55
  • 5.7k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen 2020-nji ýyl «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edildi.
Hökümet mejlisiniň barşynda Mejlisiň Başlygynyň habar berşi ýaly, döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklaryndan ugur almak bilen, ata Watanymyzyň gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine, parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyga esaslanýan oýlanyşykly içeri we daşary syýasatymyzy, umumadamzat ähmiýetli halkara başlangyçlary giňden wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak, şeýle hem geljek ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň giňden bellenilip geçilmegi mynasybetli, 2020-nji ýyly mynasyp atlandyrmak boýunça teklipler öwrenildi.
Şu mesele boýunça bilelikde geçirilen işleriň netijesinde geljek ýyly «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýip atlandyrmak teklip edildi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna bäsleşigiň jemleri boýunça kesgitlenen 2020-nji ýylyň nyşanynyň taslamasy hödürlenildi.

düýn 15:15
1k+

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.6k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......